Mazmuna geçiň

Ali Akbar Haşemi Rafsanjany

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Rafsanjany 2013-nji ýylda

Ali Akbar Haşemi Rafsanjany.

1934-nji ýylda Kerman welaýatynyň Rafsanjan şäheriniň golaýyndaky Bahraman obasynda dogulýar. Kakasy iri pisse bagynyň eýesi bolupdyr. Şaýylaryň dini merkezi Kum şäherindäki Faýziýe medresesini üstünlikli tamamlapdyr. Ol Homeýniniň t��siri bilen şa düzgünine garşy göreşe goşulýar. 60-70-nji ýyllarda özüniň syýasy garaýyşlary üçin birnäçe sapar türme tussaglygynda bolýar. Tähranda hususy çaphanasyny açyp, dini-syýasy äheňli kitaplary neşir etdirýär. Ynkylapdan birnäçe ýyl öň Ýewropada we ABŞ-da bolup görýär. Yslam ynkylabynyň ýetşinden soň içeri işler ministri “yslam medeni ynkylabynyň“ baş ştabynyň agzasy wezipelerinde täze düzgüni berkitmäge işjeň gatnaşýar. 1980-nji ýylyň iýulynda eýran mejlisiniň (parlament) başlygy bolýar. 1984, 1988-nji ýyllarda bu wezipd iki gezek gaýtadan saýlanýar. 1989-njy ýylyň 4-nji iýunynda ymam Homeýni aradan çykansoň Haşemi Rafsanjany EYR-yň prezidentligine saýlanýar. 1993-nji ýylda tomsunda ol bu wezipd ikinji gezek saýlandy.

Ali Akbar Haşemi Rafsanjanynyň prezidentligi.

80-nji ýyllaryň ahyryndan başlap Eýran uly özgerişler döwrüni başdan geçirýär. Ösüşiň yslam ýolunyň täze basgançagy prezident Rafsanjanynyň ady bilen baglanşyklydyr.