Dunaý
| ||||
---|---|---|---|---|
Uzynlygy | 2860 km | |||
Basseýni | 817 000 km2 | |||
Gada notece | 200 km3 | |||
Gözbaşy | Schwarzwald | |||
Aýagy | Gara deňiz | |||
Ýurtlar | Germaniýa, Awstriýa, Slowakiýa, Wengriýa, Horwatiýa, Serbiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Moldowa, Ukraina |
Dunaý derýasy (Irki Danuvius sözünden nemesçe: Donau, keltçe: *dānu, manysy "akmak", slowakça we polýakça Dunaj, wengrçe Duna, rumynça Dunărea, Frakiýa/Dakiýa dilindäki “Donaris/Donare” sözünden, gadymy skandinaw dilinde Duná, türkçe Tuna, gadymy grek dilinde Istros, slowençe Donava, horwatça Dunav, serbçe Дунав/Dunav, bolgarça Дунав, ukrainçe Дунай) Ýewropa Bileleşiginiň iň uzyn, Ýewropanyň bolsa Wolga derýasyndan soň ikinji iň uzyn derýasydyr.
Ol Germaniýanyň Schwarzwald tokaýlygyndan gözbaş alyp gaýdaýan kiçi Brigach we Breg derýalarynyň adybir Donaueschingen nemes şäherinde goşulmagy bilen Dunaý derýasy diýlip atlandyrylýar. Dunaý derýasy gündogara tarap 2550 km (1771 mil) çemesi akyp, birnäçe orta we merkezi ýewropa paýtagtlarynyň içinden geçýär we Rumyniýa bilen Ukrainada ýerleşýän Dunaý deltasynyň üsti bilen Gara deňze baryp guýýar.
Taryhda Rim imperiýasynyň gadymky sepgidi hökmünde tanalýan bu derýa on sany ýurduň içinden akyp geçýär – ýa-da olaryň serhediniň bir bölegini düzýär: Germaniýa (7.5%), Awstriýa (10.3%), Slowakiýa (5.8%), Wengriýa (11.7%), Horwatiýa (4.5%), Serbiýa (10.3%), Rumyniýa (28.9%), Bolgariýa (5.2%), Moldowa (1.7%), we Ukraina (3.8%). Mundan hem başga onuň basseýni ýene dokuz sany ýurdy öz içine alýar: Italiýa (0.15%), Polşa (0.09%), Şweýsariýa (0.32%), Çehiýa (2.6%), Sloweniýa (2.2%), Bosniýa we Gersegowina (4.8%), Montenegro, Makedoniýa respublikasy we Albaniýa (0.03%).
Ady
[düzet | çeşmäni düzet]Dunaý derýasy dürli dillerde dürlüçe atlandyrylýar:
- Iňlisçe: Danube
- Bolgarça: Дунав (Dunav)
- Çehçe, polýakça we slowakça: Dunaj
- Nemesçe: Donau
- Wengrçe: Duna
- Slowençe: Donava
- Horwatça: Dunav
- Serbçe: Dunav/Дунав
- Rumynça: Dunăre, Dunărea
- Rusça we ukrainçe: Дунáй (Dunay)
- Latynça: Danubius, Danuvius, Ister
- Gadymy grekçe: Istros
- Türkçe: Tuna
Dunaý derýasy aşakdaky ýurtlardan we dört sany paýtagt şäherden akyp geçýär. Şeýle hormat dünýä boýunça diňe Dunaý derýasyna degişlidir:
Ady | Dunaýa guýýan ýeri, kenary | Dunaýyň aýagyna çenli bolan daşlygy, km | Akyp geçýän ýurtlary (gözbaşdan başlap) | Uzynlygy, km |
---|---|---|---|---|
Iller | sag | ~ | Germaniýa | 163 |
Lech | sag | ~ | Awstriýa, Germaniýa | 285 |
Isar | sag | 2281,7 | Germaniýa | 263 |
Inn | sag | 2225,2 | Şweýsariýa, Awstriýa, Germaniýa | 525 |
Enns | sag | 2111,8 | Awstriýa | 255 |
Morava | çep | 1880,3 | Çehiýa, Slowakiýa, Awstriýa | 380 |
Rába | sag | 1794,0 | Awstriýa, Wengriýa | 398 |
Váh | çep | 1765,8 | Slowakiýa | 402 |
Hron | çep | 1716,0 | Slowakiýa | 289 |
Ipel | çep | 1708,2 | Slowakiýa, Wengriýa | 233 |
Dráva | sag | 1382,5 | Italiýa, Awstriýa, Sloweniýa, Wengriýa, Horwatiýa | 720 |
Tisza | çep | 1214,5 | Rumyniýa, Ukraina, Slowakiýa, Wengriýa, Serbiýa | 966 |
Sava | sag | 1170 | Sloweniýa, Horwatiýa, Bosniýa we Gersegowina, Serbiýa | 940 |
Velika Morava | sag | 1104,5 | Serbiýa | 563 |
Iskar | sag | 637,3 | Bolgariýa | 368 |
Siret | çep | 155,2 | Rumyniýa | 726 |
Prut | çep | 134 | Ukraina, Moldowa, Rumyniýa | 950 |
Bu derýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu Ýewropa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |