Şaja Batyrow
Şaja Batyrowiç Batyrow –görnükli alym, guramaçy, meşhur jemgyýetçilik we döwlet işgäri, TSSR Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti (1959-1965), SSSR Ýokary Sowetiniň (2-3 çagyryşlar) we TSSR Ýokary Sowetiniň (1, 2, 3, 4, 5, 6 çagyryşlar) deputaty, TKP MK-nyň agzasy, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň agzasy. Ol 1908-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistan SSR-niň Bäherden raýonynyň Deşt obasynda daýhan maşgalasynda eneden doguldy. Görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri özüniň bütin manyly ömrüni öz halkyna hyzmat etmäge, türkmen halkynyň mynasyp geljegini gurmaga, halkymyzyň ylym-biliminiň ösdürilmegi, milli kadrlaryň kemala gelmegi ugrundaky beýik işleri amala aşyrmaga bagyşlady. Türkmen halkynyň beýik ogly Şaja Batyrowiç Batyrow 1926-njy ýylda komsomolyň, 1930-njy ýylda bolsa bolşewikler partiýasynyň hataryna girýär. 1927-1929-njy ýyllar aralygyndaAşgabatdaky mugallymçylyk kursunda okaýar. 1929-1930-njy ýyllarda Bäherden raýonynyň Börme obasynda batraçkomyň başlygy we komsomol ýaçeýkasynyň sekretary wezipelerinde işleýär. 1930-1932-nji ýyllarda Bäherden raýonynyň Karagan obasynda mugallymçylyk edýär. Onuň yzysüre, Bäherden posýologyndaky internatda müdiriň okuw işleri boýunça orunbasary bolup işläp, ýaş nesle bilim, sowat bermek işinde uly işeňňirlik görkezýär. 1932-1934-nji ýyllarda Aşgabat pedagogik institutynda okuwyny dowam etdirýär. 1934-1936-nji ýyllarda pedinstitutyň taryh fakultetinde aspiranturada okaýar. 1936-njy ýylyň ýanwarynda heniz aspiranturany gutarmanka, TK(b)P MK-nyň býurosynyň karary boýunça “Sowet Türkmenistany” gazetine işe geçirilýär. 1937-nji ýylyň fewralynda TK(b)P MK-nyň karary bilen Şaja Batyrowiç Batyrowiç Moskwada BK(b)P MK-nyň ýanyndaky redaktorlary we terjimeçileri taýýarlaýan kursa okuwa iberilýär. Ol ýerde 1938-nji ýylyň fewralyna çenli okaýar. Ol dolanyp gelip, ýene-de “Sowet Türkmenistany” gazetinde işini dowam edýär. 1939-njy ýyla çenli bu gazetde ilki bölüm müdiri, soňra bolsa gazetiň redaktory wezipelerinde işleýär. 1938-1939-njy ýyllarda bu gazetiň jogapkär sekretary, redaktoryň orunbasary, jogapkär redaktory wezipelerinde işleýär. Ol 1939-njy ýyldan 1942-nji ýyla çenli Ylmy-barlag dil we edebiýat institutynyň direktory wezipesinde işleýär. Soňra bolsa, TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Sungat işleri boýunça uprawleniýäniň naçalnigi bolup işleýär. 1941-1945-nji ýyllaryň gazaply urşy dowam edýän wagtynda, ýagny, 1942-1946-njy ýyllarda ol TK(b)P MK-nyň propaganda we agitasiýa baradaky sekretary wezipesini alyp barýar. Ol bu wezipede 1946-njy ýylyň oktýabryna çenli zähmet çekýär. Ondan soňra 1946-1947-nji ýyllarda TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary, 1947-1951-nji ýyllarda birinji sekretary wezipelerinde işleýär. 1952-1954-nji ýyllarda Moskwada SSKP MK-nyň ýanyndaky Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň aspiranturasynda okap, 1954-nji ýylyň tomsunda taryh ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1954-1959-njy ýyllarda Türkmen döwlet pedagogiki institutynyň direktory we şol bir wagtda şol institutyň taryh, marksizm-leninizm kafedralarynyň müdiri wezipelerinde işleýär. 1959-njy ýylyň 5-nji iýunynda TSSR Ylymlar Akademiýasynyň umumy ýygnagy Şaja Batyrowiç Batyrowy akademiýanyň akademikligine we agzalygyna saýlaýar. Şaja Batyrow 1959-njy ýylda, şol bir wagtda Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň prezidentligine hem saýlanylýar. Ol bu wezipede ömrüniň ahyryna çenli zähmet çekýär. Ol bu jogapkärli wezipede işlän döwründe ylmy ösdürmek, ylmy kadrlary taýýarlamak we terbiýelemek ugrunda netijeli işleri alyp bardy. Ol otuz ýylyň dowamynda türkmen halkynyň taryhyna degişli ylmy gözleglerini üstünlikli alyp bardy. Onuň galamyna 20-den gowrak ylmy eser degişli bolup durýar. Şaja Batyrowiç Batyrow türkmen we rus dillerinde çap edilen “SSSR-de sosialistik milletleriň emele gelmegi we ösmegi” atly monografiýasy üçin 1962-nji ýylda dissertasiýa gorap, taryh ylymlarynyň doktory alymlyk ylmy derejesine mynasyp boldy. Taryh ylymlarynyň doktory bolan Ş.B.Batyrow gymmatly ençeme ylmy eserleri ýazdy. 1959-njy ýyldan başlap, TKP MK-nyň we TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň agzalygyna hem saýlandy. Türkmenistan SSR Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti Şaja Batyrowiç Batyrow 1965-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tarpa-taýyn aradan çykdy. Onuň ölümi hem, onuň bütin ömri ýaly adaty däl, üýtgeşik ýagdaýda bolup geçdi. 1965-nji ýylyň 14-nji oktýabry. Şol gün ir sagat 10-da TKP MK-nyň plenumy başlandy. TSSR Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Şaja Batyrowiç Batyrow arakesmeden soň ikinji bolup söz aldy. Ynha, ol tribunada gürläp dur. Ol Türkmenistanda ylmy ösdürmegiň wajyp meseleleri barada çykyş edýär. Aradan on minut geçýär. Birdenem ol, ejizlän ýaly tribunadan ýykylýar we şol ýerde-de tarpa-taýyn aradan çykýar. Türkmen halky özüniň nazarkerde oglunyň nurana keşbini hemişe kalbynda saklaýar. Şaja Batyrowiç Batyrow diňe biziň döwletimizde däl, eýsem onuň çäklerinden uzak daşarda hem uly abraý gazandy. Munuň şeýledigine, onuň ýas çäresine SSSR Ylymlar akademiýasynyň, doganlyk respublikalar bolan Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýlekileriň delegasiýalarynyň hem-de wekilleriniň gelendikleri, doganlyk respublikalardan we oblastlardan köpsanly telegrammalaryň gelip gowşanlygy, ol telegrammalarda bolsa dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň çuňňur gynanç bildirip, bilelikde gam çekýändigi baradaky habarlar şaýatlyk edýär. Şaja Batyrowyň işi aýratyn anyklyk we maksada okgunlylyk bilen, zähmetsöýerligi we bilimlere ýadawsyz jan çekýändigi bilen tapawutlanýardy. Döwlet we partiýa Şaja Batyrowy haýsy bir ýere iberse-de, ol işiň her bir böleginde özüniň güýçlerini doly derejede ulanyp, halkyň ynamyny ödeýärdi. Ol Türkmenistan Kompartiýasynyň sekretary wezipesinde işlände, respublikanyň ykdysadyýetini we medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşdy. Ol Çärjew pedagogik institutynyň direktory bolup, milli pedagog kadrlaryny kadrlaryny taýýarlamak üçin gaty köp tagalla etdi. Ş. B. Batyrow Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinde bolup, ylmy ösdürmek hem-de ylmy kadrlary taýýarlamak ugrundaky işleri giňden ýaýbaňlandyrdy. Şaja Batyrowiç Batyrow adamlara özüniň eserdeň we ýürekdeş garamagy bilen zähmetkeşleriň arasynda uly abraý alyp, çuňňur hormat goýulmagyny gazandy. Şaja Batyrow ululy-kiçili köp sanly ylmy işleriň, şol sanda “SSSR-de sosialistik milletleriň emele gelmegi we ösmegi” diýen uly düýpli ylmy işiň awtorydyr. Şaja Batyrow Lenin ordeniniň ikisi, “Watançylyk urşy” ordeniniň 1-nji derejesi, “Zähmet Gyzyl Baýdak” ordeni we birnäçe medal bilen sylaglandy. Şaja Batyrowiç Batyrowyň ajaýyp bütin ömri halka jan aýaman hyzmat etmegiň aýdyň göreldesidir. Onuň aradan çykmagy Türkmenistanyň ähli halkynyň ýüregini örän ýiti awundyrdy. Türkmen halkynyň wepaly ogly eserdeň we ýürekdeş ynsan, beýik şahsyýet Şaja Batyrowiç Batyrow hakyndaky röwşen ýadygärlik türkmen halkynyň ýüreginde ebedilik saklanar.
Çeşmeler:
[düzet | çeşmäni düzet]1. Türkmen sowet ensiklopediýasy, (I tom)
2. Sowet Türkmenistany. (15.10.1965)
3. Sowet Türkmenistany. (16.10.1965)